HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenaragatnaşyk” emeli aňyň we kiber howpsuzlygyň ösüşi babatda halkara hyzmatdaşlygy maksat edinýär

Aprel 30, 2025 | 17:30 |6328
Türkmenistan esasy pudaklara emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna işjeň ugur aldyTürkmenistan esasy pudaklara emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna işjeň ugur aldy
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan esasy pudaklara emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna işjeň ugur aldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň orunbasary Nurmyrat Rejepow ýurduň dolandyryş, saglygy goraýyş, bilim we oba hojalyk ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin emeli aňy ulanmagy maksat edinýändigi barada habar berdi.

Aşgabatda geçen Standartlaşdyrma boýunça halkara maslahatynda N.Rejepow dünýä tejribesini nazar almak bilen, döwletiň emeli aňy okuw prosesine ornaşdyrmak üçin zerur bolan kanunlary we strategiýalary işläp taýýarlaýandygy barada belledi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 5G ulgamy, älem boýunça ylmy-barlaglary, kiber howpsuzlyk, maglumatlary işlemek merkeziniň döredilmegi hem-de sanly tehnologiýalar we emeli aň babatda hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyga aýratyn üns berilýär. Bu sebäpli Döwlet kiber howpsuzlyk gullugy hem döredildi. Şeýle hem, ýaş IT-hünärmenlere goldaw berilýär, pudaklaýyn ýokary okuw mekdepler döwrebaplaşdyrylýar hem-de IT-startaplar üçin şertler döredilýär.

N.Rejepow sanly ykdysadyýet üçin programma üpjünçiliginiň köp böleginiň türkmen programmistleri tarapyndan işläp taýýarlanylýandygyny aýtdy. Sanly infrastrukturany ösdürmek, ylmyň we önümçiligiň aragatnaşygyny berkitmek hem-de halkara bazara çykmak üçin hususy pudakda IT-klasterler kemala gelýär hem-de IT-parklar açylýar.

Nurmyrat Rejepow sanly tehnologiýalar babatda tejribe alyşmak hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlary Aşgabatdaky “Türkmentel 2025” sergisine we maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026