HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheriniň gurluşygynda estetika, ekologiýa we millilik – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň üns merkezinde

Aprel 30, 2025 | 03:05 |4791
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda çagalar dynç alyş seýilgähiniň binagärlik görnüşlerine, şäheriň metjidiniň taslamasyna we Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taslamalaryna aýratyn üns berildi. Bu barada “Watan” habarlar geplişinde habar berildi.

Hödürlenen şekil taslamalaryny synlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Täze çagalar dynç alyş seýilgähinde döredilýän amatlyklar, onuň bezeg aýratynlyklary häzirki zaman binagärlik talaplaryna doly laýyk gelmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Nygtalyşy ýaly, şekilleriň reňk sazlaşygyna, seýilgähiň yşyklandyryş ulgamyna, onuň çäklerinde oturdyljak şekilleriň hil derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem seýilgähiň dürli görnüşli bagy-bossanlyga bürenmegi we onuň şäheriň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirmegi wajypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow ähli binalarda ýerli tebigy aýratynlyklara ünsi çekdi. Bu esasanam bu täze medeni-dynç alyş merkezine degişlidir. Täze seýilgähi abadanlaşdyrmak işlerinde milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylmalydygyny we seýilgähiň çäginde suw çüwdürimleriniň we beýleki ugurdaş desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegine zerur üns berilmelidigini tabşyrdy.

Metjidiň gurluşygy barada durup geçip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäheriň metjidiniň gurluşygynda we binalar toplumynyň bezeg aýratynlyklarynda ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutup, milli binägärlik ýörelgeleriniň ulanylmagyna esasy üns berilmelidigini belledi. Şeýle-de degişli ekologik derejäni saklamaga möhüm ähmiýet berilmegi esasy talapdyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Arkadag şäheriniň çägindäki döwrebap ýoluň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagynda çuňňur many bar. Çünki bu künjek ahalteke atlarynyň asyl mekany hasaplanýar. Ulanylýan gurluşyk materiallarynyň hiline we berkligine ünsi çekip, türkmen halkynyň Milli Lideri şaýoluň ugrundaky binalaryň gurluşygyna we bezeg işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Arkadag şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen we dünýäniň atçylyk sungatynyň özboluşly nusgasyna öwrülen Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylmagy, bu ýoluň ugrunda “Taýçanak” binasynyň ýerleşdirilmegi şöhratly bedewlerimize bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. “Taýçanak” binasynyň dünýäniň hiç bir künjeginde gabat gelmeýän özboluşly gurluşy türkmen halkynyň ynsan gylykly bedewlerine kalbynyň töründen orun berýändigini aňladýar we ýurdumyzda saparda bolýan myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrjakdygy şübhesizdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026