HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär

Aprel 29, 2025 | 15:45 |2858
2025-nji ýylyň 25-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär2025-nji ýylyň 25-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär
Çeşme: TSB

2025-nji ýylyň 25-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär.

Bu simpoziuma Wengriýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Demirgazyk Kipr, Litwa, Özbegistan we şol sanda Türkmenistan Watanymyzdan hem zehinli suratkeşler gatnaşýarlar. “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” simpoziumy halklaryň arasyndaky medeni gatnaşygy berkitmekligi, suratkeşleriň tejribe toplamaklaryny we özara pikir alyşmaklaryny maksat edinýär.

1

Bu simpoziuma döwletimizden Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Jeýran Umarowa hem gatnaşýar. Ýaş suratkeş Jeýran Umarowa ilki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dizaýn sungaty boýunça bilim aldy. Häzirki wagtda ol, Türkiýäniň Stambul şäherindäki Topkapy uniwersitetinde okaýar we halkara derejesinde geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýar.

2

Mälim bolşy ýaly, ol 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Kütahýa şäherinde geçirilen sergide özüniň we ejesi – ussat keramist Dilbar Umarowanyň eserlerini görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026