HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Kolumbiýa Respublikasynyň Ilçisi akkreditirlendi

Aprel 28, 2025 | 18:10 |4028
28-nji aprelde, duşenbe güni Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy28-nji aprelde, duşenbe güni Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy
Çeşme: mejlis.gov.tm

28-nji aprelde, duşenbe güni Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ektor Isidro Arenas Neýra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa Türkmenistan bilen Kolumbiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler we BMG-niň çäginde öňe sürülýän başlangyçlary özara goldamagy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Kolumbiýanyň Ilçisi şeýle hem Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa tarapyndan kabul edildi. Diplomatlatar Türkmenistanyň we Kolumbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň we Kolumbiýa Respublikasynyň Kongresiniň arasynda parlamentara dostluk toparyny döretmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary kolumbiýa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026