HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň medeniýet ministri Türkiýede geçirilen YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy

Aprel 28, 2025 | 12:00 |4673
Duşuşygyň gün tertibine YHG-a agza-ýutlarynyň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.Duşuşygyň gün tertibine YHG-a agza-ýutlarynyň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherine bardy.

Duşuşygyň gün tertibine YHG-a agza-ýutlarynyň arasynda syýahatçylyk pudagy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler girizildi. 1 Duşuşykda eden çykyşynda medeniýet ministri A.Şamyradow amatly ekologik şertleri, baý ruhy we medeni mirasy bolan hem-de olaryň goralyp saklanmagyna döwlet tarapyndan möhüm üns berilýän özboluşly tebigy mümkinçilikler ýaly esasy serişdelere eýe bolan Türkmenistan üçin strategiki taýdan uly ähmiýeti bardygyny belledi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň çalt depginde ösdürilýän pudaklarynyň biri bolmak bilen, häzirki zaman Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy iş orunlaryny döretmegiň möhüm çeşmeleriniň biri, durmuş-ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygyň kuwwatly hereketendirijisi bolup durýandygy barada nygtaldy.
2 Erzurumda geçirilen YHG-niň syýahatçylyk boýunça 6-njy ministrler maslahatynyň tejribe alyşmak, hem-de YHG sebitinde durnukly we gülläp ösýän syýahatçylyk pudagyny ösdürmek maksady bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrülendigini bellemeli. 3 Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şeýlelikde, YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han bilen duşuşygyň çäklerinde özara bähbtilere laýyk gelýän syýahatçlyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy. 4 Şonuň bilen birlikde, türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň medeni miras, syýahatçylyk we hünärmentçilik ministri Seýýed Reza Salehi Amiri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler, hususan-da, iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Eýranda geçiriljek sergilere gatnaşmaklary arkaly iki ýurduň arasynda syýahatçylygy işjeň ýagdaýda ösdürmek barada ylalaşdylar. 5 Şeýle hem, ministr A.Şamyradow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk pudaklarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026