HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna interwýu berdi

Aprel 27, 2025 | 09:45 |7380
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýärGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär
Çeşme: mfa.gov.tm

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Ýurdumyzda sapar bilen bolýan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O. Atabaýewa bilen bolan söhbetdeşligiň dowamynda bu ugur bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde halkara maslahat üstünlikli geçirildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O. Atabaýewanyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda çagalar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen, amaly ähmiýeti bolan taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde “Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak we bejermek hem-de eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek” atly taslama durmuşa geçirilýär.

“Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy bilen geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda şeýle hem häzirki döwürde Gazanyň Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyna şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň giň möçberli we uzak möhletli strategiýalaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy, Ýewropanyň, Orta Gündogaryň, Aziýanyň ynsanperwer, haýyr-sahawat ugurly gaznalary bilen hem hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellenildi.

Gaznanyň hasabyna Türkiýe Respublikasynda bolup geçen pajygaly ýertitreme zerarly ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini bermek bilen, saglygy goramak üçin zerur bolan enjamlar, egin-eşikler, iýmit önümleri ugradyldy. Mundan başga-da, Ukrainanyň, Palestinanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Primorsk sebitiniň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O. Atabaýewa Arkadag şäherinde gaznanyň esasy binasyndan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän sagaldyş-dikeldiş merkezi we çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça şol ýerde alnyp barylýan işler barada gürrüň bermek bilen, bu alnyp barylýan işleriň geljege uly goşantdygyny belledi.

“Biziň esasy maksadymyz, Arkadag şäherinde geçirilen halkara foruma gelen beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen bu ugurda tejribe alyşmak boldy. Şol sebäpden, tejribesi bolan hünärmenler bilen tejribe alyşmagyň gaty möhümdigini aýdyp bilerin. Çünki çagalar bilen işlemek örän gyzykly. Şol bir wagtyň özünde-de gaty çylşyrymly. Biz haýyr-sahawat gaznasy hökmünde bilimlerini we bilim derejelerini ýokarlandyrmak üçin hünärmenlerimiziň bilimlerini kämilleşdirmäge ibermek bilen hemişe gyzyklanýarys” – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa öz interwýusynda belledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026