HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aprel 27, 2025 | 09:20 |4143
26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada 26-njy aprelde “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada 26-njy aprelde “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
Çeşme: mfa.gov.tm

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada 26-njy aprelde “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Masud Pezeşkian ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026