HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçisi Belgiýanyň Baş gümrük müdirliginiň baş direktory bilen duşuşdy

Aprel 26, 2025 | 23:50 |2804
Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Belgiýanyň gümrük we aksiz meseleleri boýunça Baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaereniň arasynda duşuşyk geçirildiBrýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Belgiýanyň gümrük we aksiz meseleleri boýunça Baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaereniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Belgiýanyň gümrük we aksiz meseleleri boýunça Baş müdirliginiň baş direktory Kristian Wanderwaereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Konstruktiw söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gümrük pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ilçi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň Bütindünýä gümrük guramasynyň sebit okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyjyny hödürledi. Bu başlangyç sebitiň gümrük düzümleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we halkara ülňülerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.

Belgiýa tarapy bu başlangyja oňyn baha berdi we bu meseläniň öňde boljak halkara çärelerinde ilerledilmegine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda tejribe alyşmak, gümrük işleriniň sanlylaşdyrylmagy we işgärleriň hünär taýýarlygy meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda Ilçi Belgiýanyň ulgamynda, hususan-da Ýewropanyň iň iri logistiki merkezleriniň biri bolan Antwerpen portundaky häzirki zaman çemeleşmeleriniň ähmiýetini belläp geçdi. Portda ulanylýan logistiki dolandyryş, elektron deklarasiýa we täsirli gözegçilik modelleri Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleriniň ösdürilmegi üçin gyzyklanma döredip biler. Taraplar iki ýurduň degişli düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge we halkara maksatnamalara hem-de hünär taslamalaryna gatnaşmak ýaly bilelikdäki başlangyçlary goldamaga gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda gümrük dolandyryşy babatyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy, munuň bolsa Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

Gämä edilen hüjümden soň Eýran Ormuz bogazyny ýapdy — Ýakyn Gündogarda dartgynlylyk güýçlenýär

21:00 Iýul 12, 2026
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy Annalena Berbok 2758-nji belgili Kararnama laýyklykda «Bir Hytaý» ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklady

19:00 Iýul 12, 2026
ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

ÝB ýurtlary Russiýa garşy 21-nji sanksiýalar bukjasy boýunça ylalaşyga gelip bilmedi

17:00 Iýul 12, 2026