HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen gepleşik geçirdi

Aprel 23, 2025 | 15:20 |6027
23-nji aprel, çarşenbe güni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparynyň çäginde Çolpan-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Sadyr Žaparow bilen gepleşik geçirdi23-nji aprel, çarşenbe güni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparynyň çäginde Çolpan-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Sadyr Žaparow bilen gepleşik geçirdi
Çeşme: president.kg

23-nji aprel, çarşenbe güni Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana iş saparynyň çäginde Çolpan-Ata şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Sadyr Žaparow bilen gepleşik geçirdi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we sebit başlangyçlary ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary derejeli myhmany mübärekläp, Prezident Sadyr Žaparow, gyrgyz we türkmen halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugy berkitmek işinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň ähmiýetini nygtady diýip, Respublikanyň Baştutanynyň web sahypasynda habar berilýär.

Sadyr Žaparow iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyndaky ynamly oňyn depgini, şeýle hem Gyrgyzystanyň Russiýa, Wengriýa, Özbegistan we Azerbaýjan bilen ikitaraplaýyn ösüş gaznalaryny döretmek boýunça bar bolan tejribesine laýyklykda Gyrgyz-Türkmen Ösüş Gaznasyny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylanandygy üçin Gyrgyzystanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi hem-de iki ýurduň arasynda çuňňur we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda, gaz, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ähli möhüm ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyga türkmen tarapynyň islegini we taýýardygyny nygtady.

Gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze geljegini açjakdygyna ynam bildirildi. Şu nukdaýnazardan Sadyr Žaparow “Agzybirlik – bu arzuwlary hakykata öwürýän güýçdir” diýip, türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň sözlerinden mysal getirdi diýip, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026