HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Telekeçiler üçin işewürlik forumyna çakylyk: "Kadaly işewürlik" atly işewürlik maglumatlary, çözgütleri we ösüşi barada açyk dialog

Aprel 23, 2025 | 16:20 |5843
Şu gün işewürlik pudagyna köre-körlükden däl-de, eýsem maglumatlara esaslanyp, karar kabul etmek möhümdir. Emma nämeden başlamaly?Şu gün işewürlik pudagyna köre-körlükden däl-de, eýsem maglumatlara esaslanyp, karar kabul etmek möhümdir. Emma nämeden başlamaly?
Çeşme: orient.tm

Şu gün işewürlik pudagyna köre-körlükden däl-de, eýsem maglumatlara esaslanyp, karar kabul etmek möhümdir. Emma nämeden başlamaly? Haýsy gurallar hakykatdan hem netijeli bolýar we nädip wagtyñy we býujetiñi tygşytlamaly?

10-njy maýda "Arkaç" işewürlik merkezinde (Iş Nokady merkezi) eýýäm bu ýola başlan hem-de has netijeli gurallar barada gürrüñ bermäge taýyn telekeçileri ýygnarys.

Satuwsyz we mahabatsyz. Diñe janly tejribe alyşma we amaly ýumuşlar. Çäräniñ guramaçysy - Arassa Nusga konsalting kompaniýasy. Biz EOR, CRM we seljeriş çözgütleriñ ornaşdyrylmagyna ýöriteleşýäris. Forumda işlän döwrümiziñ dowamynda ýüzbe-ýüz gelen hakyky işewürlik wakalary bilen paýlaşarys.

Forumyñ maksatnamasynda:

  • Pikir öñdebaryjylaryñ çykyşlary;

Aleksandr Petrosow - Arassa Nusga kompaniýasynyñ baş direktory, "Kadaly işewürlik" forumynyñ bilermeni.

Roman Ikonnikow - Arassa Nusga kompaniýasynyñ amallar boýunça direktory, "Kadaly işewürlik" forumynyñ bilermeni.

  • Dürli pudakdaky işewürlik eýeleri bilen bölümçe maslahatlaşmalary - haýsy IT-çözgütler,, hakykatdan hem, dolandyryşda, satuwlarda, derñew işlerinde we maliýe gözegçiliginde kömek etdi;

  • Tejribeden mysallar - ulgamlaýyn hasabyñ ýoklugy işewürligiñ ösüşine päsgelçilik döreden ýagdaýlary (muny nädip düzetmeli);

  • Sorag bermek we hut siziñ işewürligiñiz üçin laýyk gelýän çözgütleri tapmak mümkinçiligi.

Eger-de aşakdakylar siziñ üçin wajyp bolsa, onda forum peýdaly bolar:

  • Öz kompaniýanyñ maliýe serişdeleri barada diñe bir oýlanman, eýsem olara düşünmek;

  • Müşderiler, satuwlar we wezipeler hasabyny añsatlaşdyrmak;

  • Ýalñyşlyklaryñ we yza galaklyklaryñ sanyny azaltmak;

  • Işewürligi has aýdyñ we dolandyrylýan ýagdaýa getirmek;

  • Beýleki telekeçileriñ meñzeş wezipeleri çözmek usullary barada maglumatlary öwrenmek.

Gatnaşmak mugt esasda amala aşyrylýar, emma ýerler çäklidir.

Gysga hasaba alnyşy geçiñ (bary-ýogy 6 sorag) we giriş üçin şahsy QR-belgisini alyñ.

Hasaba alnyş

Janly, işewür we dogry maglumatlar gurşawyna aralaşyñ! Giñişleýin maglumatlar üçin we teklipleriñiz bilen +99365812513 telefon belgisi boýunça ýüz tutuñ!

Saýt: https://arassanusga.com

E-mail: info@arassanusga.com

Oba hojalyk pudagynda işewürlik netijeliliginiñ esasy görkezijileri

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026