HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Türküstanyň senagat parkyna baryp gördüler

Aprel 22, 2025 | 15:40 |6848
22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “SPK Turkistan” senagat parkyna baryp, ol ýerde gurnalan senagat sergisini synladylar.22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “SPK Turkistan” senagat parkyna baryp, ol ýerde gurnalan senagat sergisini synladylar.
Çeşme: Акорда

22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Gazagystanyň Prezidenti “SPK Turkistan” senagat parkyna baryp, ol ýerde gurnalan senagat sergisini synladylar.

Kasym-Žomart Tokaýew bilen Gurbanguly Berdimuhamedow kosmos senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk pudagy, ýeňil, azyk we himiýa senagaty bilen meşgullanýan gazak öndürijileriniň hödürlän önümleri bilen tanyşdylar diýip, Akorda habar berýär.

22042025-industrialnyj-park-turkestana.jpg

Ýokary derejeli myhmanlara awtoulaglar, oba hojalygy we hojalyk harytlary, lukmançylyk enjamlary, senagat akkumulýatorlary, dokma, egin-eşik we beýleki önümler görkezildi.

“SPK Turkistan” senagat parkynyň döretmegiň esasy maksady – ýokary tehnologiýaly, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçiligi döretmekden şeýle hem Türküstan sebitiniň senagat pudagynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklaryna gönüden-göni içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen Gazagystanyň çig mal däl serişdeleriniň eksportyny ösdürmäge we öňe ilerletmäge goldaw we ýardam bermekden ybaratdyr.

kz1-4031-2_1.jpg

Häzirki wagtda bu ýerde 6 sany maýa goýum taslamasy durmuşa geçirilýär, ýagyş we damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň, oba hojalyk traktorlarynyň, mekdep, lukmançylyk we ofis mebelleriniň, senagat sowadyjylarynyň önümçiligi ýola goýulandyr. Parky ösdürmegiň indiki tapgyrynda 70 gektar meýdanda 112 desganyň gurluşygy, şeýle hem 13 täze taslamanyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026