HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Daşkentdäki “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly halkara sergä gatnaşýarlar

Aprel 22, 2025 | 14:15 |6050
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-25-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TÜRKSOÝ” halkara guramasy bilen bilelikde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Halkara festiwaly geçirilýär2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-25-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TÜRKSOÝ” halkara guramasy bilen bilelikde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Halkara festiwaly geçirilýär
Çeşme: TSB

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-25-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TÜRKSOÝ” halkara guramasy bilen bilelikde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň Halkara festiwaly geçirilýär.

Festiwalyň çäklerinde “Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi” atly halkara sergisi gurnalyp, oňa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Hatyja Amansähedowa, Gunça Goçmyradowa hem-de Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow gatnaşýarlar. Zenan suratkeşler bu festiwalyň çäklerinde geçiriljek ylmy-amaly maslahata, döredijilik sergisine we beýleki çärelere hem gatnaşarlar.

1

Ýeri gelende belläp geçsek, ady agzalan sergide suratkeş Gunça Goçmyradowanyň “Bagt guşy”, “Türkmen halk ertekisi «Ýartygulak»”, “Türkmen halk ertekisi «Akpamyk»”, “Ene toprak” eserleri, şeýle-de Hatyja Amansähedowanyň “Kalbyň owazy”, “Bahar”, “Aýly gije”, “Baharyň owazy” atly nakgaşlyk eserleri görkezilýär.

2

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Maryda, Balkanabatda we Türkmenbaşyda nebitgaz pudagynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

07:02 Sentýabr 19, 2026
Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

Türkmenistan BIEG we ÝPG bilen hyzmatdaşlykda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürýär

06:32 Sentýabr 19, 2026
«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

«Tejenkarbamid» zawody dökünleriň önümçiligini artdyrar

06:30 Sentýabr 19, 2026