HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aprel 18, 2025 | 15:20 |5122
Ankara we Aşgabat medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam edýärler: 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.Ankara we Aşgabat medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam edýärler: 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çeşme: www.mfa.gov.tm

Ankara we Aşgabat medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam edýärler: 2025-nji ýylda Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligine bagyşlanan çäräniň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen tarapy bilen çäräniň geçiriljek anyk senesi we şäherleri barada gepleşikler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda bilelikdäki teatr we tans festiwallaryna gatnaşmak hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, dekabr aýynda Türkmenistanda beýik akyldar Möwlana bagyşlanan çäreler geçiriler.

Ilçi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen hem-de hemişelik bitaraplygyň 30 ýyllygy bellenilýän 2025-nji ýylyň bilelikdäki medeni başlangyçlaryň birnäçesiniň geçirilmegi üçin esas boljakdygy barada belledi.

Ahmet Demirok Türkmenistanda türk medeniýetine we diline bildirilýän uly gyzyklanma barada belläp, Aşgabatda ýakyn wagtda Ýunus Emre adyndaky Medeniýet merkeziniň açyljakdygyna ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026