HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanadaky II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmegi teklip etdiler

Aprel 16, 2025 | 15:50 |4543
Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.
Çeşme: kazislam.kz

Astanada açylan II Merkezi Aziýa media forumynda žurnalistika ugry boýunça Merkezi Aziýanyň baýragyny döretmek pikiri teklip etdiler. Bu barada “KAZINFORM” habar berýär.

Bu başlangyç sebitde žurnalistika hünäriniň iň gowy wekillerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Guramaçylaryň pikirine görä, munuň özi medianyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berer.

Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we habarlar ministri Aida Balaýewa tejribe alyşmak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin şeýle taslamalaryň döredilmeginiň wajyplygyny nygtady.

Baýrak žurnalistleriň we kontentmeýkerleriň goşantlaryny ykrar etmäge ýardam berer, şeýle hem Merkezi Aziýada media ulgamynyň ösüşi üçin itergi bolar. Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Žurnalistika akademiýasyny, Merkezi Aziýanyň jemgyýetiniň görnükli wekilleri barada gürrüň berjek “Biziň adamlarymyz” atly tele gepleşigi döretmek, hemmeler üçin umumy “Nowruz” baýramy günlerinde sebitiň ýurtlaryna birleşmäge mümkinçilik berjek teleköprini guramak ýaly beýleki başlangyçlara seredildi.

II Merkezi Aziýa media forumy öz işini 17-nji aprele çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026