HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kinomatografiýa ugrundaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 13, 2025 | 00:40 |4382
11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan berlen

11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, taraplar kino pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, özara kino günleriniň geçirilmegi, bilelikdäki dokumental we çeper filmleriň döredilmegi baradaky pikir alyşmalary geçirdiler. Duşuşykda bellenilişi ýaly, dürli halklaryň däplerini we medeni gymmatlyklaryny şöhlelendirýän kino sungaty dürli medeniýetleriň arasynda gepleşigiň we özara düşünişmegiň möhüm guraly bolup durýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar kino sungaty ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň milli medeniýetiniň we sungatynyň wagyz edilmegine, şeýle-de iki halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler. Bu babatda gruzin we türkmen kinomatografistleri geçmişde giňden tanalan “Gruziýa-film” we “Türkmenfilm” kinolarynyň döredilen döwürlerindäki oňyn tejribä hem-de häzirki döwürde gazanylan üstünliklere daýanyp bilerler. Mysal üçin, 2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda beýik Gündogar şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara dabaralaryň çäginde Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň Kinoakademiýasynyň bilelikde guramagynda türkmen kino günleri geçirildi. Bu çärede režissýor Maksat Gylyjowyň “Kompozitor”, režissýor Arslan Eýeberdiýewiň “Istarin” we režissýor Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” atly filmleri görkezildi. Bu görkezilişler gruzin jemgyýetçiligine türkmen kino sungaty we onuň ýaş nesil wekilleriniň döredijilik gözlegleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. Çäräniň iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna goşan goşandy uly boldy.

Türkmenistanyň we Gruziýanyň dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine täze itergi beren waka — şu ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen geçirilen gepleşikler boldy. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň häzirki wagtda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny täze hile, hakyky mümkinçiliklere we iki taraplaýyn zerurlyklara laýyk gelýän derejä çykarmaga mümkinçilik berýän giň kuwwaty bar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, sungat, ylym we bilim ulgamlarynda tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri, sergileri hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026