HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda oba syýahatçylygyň möwsümleýin ýaýbaňlanmagy bolup geçýär

Aprel 12, 2025 | 12:20 |2960
Oba syýahatçylyk kooperatiwler bolsa, şol bir wagtyň özünde girdejilerini hasaplaýarlar.Oba syýahatçylyk kooperatiwler bolsa, şol bir wagtyň özünde girdejilerini hasaplaýarlar.
Çeşme: russian.cgtn.com

Hytaýda ýaz gülleýiş möwsüminiň gyzgalaňly döwri bolup geçýär. Ýurduň ýaşaýjylary diňe bir şäher seýilgählerine däl-de, eýsem şäheriň daşyna tebigatyň gözelligini synlamaga barýarlar. Oba syýahatçylyk kooperatiwler bolsa, şol bir wagtyň özünde girdejilerini hasaplaýarlar.

Raps meýdanlarynda syýahatçylar kofe içip, foto surata düşýärler, uly gyzyklanma bilen uçarmansyz uçarlaryň ekinleri pürkýändiklerini synlap, adaty bürünç çörekleri birşirmekde öz güýçlerini deňäp bilýärler. Häzirki wagtda Hytaýyň howasy oňaýly syýahatlar üçin has laýyk gelýär. Ferma dolandyryjysy Çžu Linlin myhmanlara gül basma sungatyny öwredýär. Şeýlelik bilen, raps gülleri el işler ýadygärlik sowgady hökmünde ikinji ýaşaýşlaryna eýe bolýarlar.

“Isýuan” oba hojalyk kooperatiwiniň dolandyryjysy Çžu Linlin: “Şu ýyl rapsyň güllemegi iki müňe golaý myhmany özüne çekdi. Olar diňe bir manzaralary synlap, foto surata düşmäge däl-de, eýsem oba hojalyk däp-dessurlaryny öwrenmek üçin geldiler”.

Fermada ýörite oba syýahatçylygy üçin niýetlenen zolaklar bar. Bu ýerde maşgalalar, esasan hem, çagaly maşgalalar, uly höwes bilen agrar medeniýeti bilen iş ýüzünde tanyşýarlar.

Hytaýyň gar kalinasy hem ajaýyp bir görnüşde gülleýär. Syýahatçylar tematiki çärelere gatnaşmak üçin milli egin-eşiklere bezenýärler.
Anszi uýezdiniň oba hojalyk dolandyryş bölüminiň müdiri Çžan Ýaoýao: “Biz adamlar özüniň sosial ulgamlarynda biz barada ýazgylary goýar ýaly, estetiki taýdan özüne çekiji fermer zolaklaryny we meşhur ýerleri döredýäris. Soňra biz, oba syýahatçylygyň bilim tejribeler, brending we festiwallar bien utgaşdyrylmagynda ünsümizi jemleýäris”.

Gülleriň we sowatly çemeleşmäniň netijesinde Hytaýyň oba ykdysadyýeti hem gülläp ösýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026