HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly geljegi bilelikde döretmek: mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlandy

Aprel 11, 2025 | 00:15 |3846
Russiýada mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlady. Bu bäsleşige dünýäniň islendik ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň hem 14–18 ýaş aralygyndaky ýokary synp okuwçylary gatnaşyp bilerler, hatda olaryň programma üpjünçiligi boýunça taýýarlygy bolmasa-da. Olimpiada RF hökümetiniň goldawy bilen, Nižegorodskaýa welaýatynyň hökümeti tarapyndan gurnaldyRussiýada mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlady. Bu bäsleşige dünýäniň islendik ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň hem 14–18 ýaş aralygyndaky ýokary synp okuwçylary gatnaşyp bilerler, hatda olaryň programma üpjünçiligi boýunça taýýarlygy bolmasa-da. Olimpiada RF hökümetiniň goldawy bilen, Nižegorodskaýa welaýatynyň hökümeti tarapyndan gurnaldy
Çeşme: Sberiň metbugat gullugy

Russiýada mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara IT-olimpiadasy başlady. Bu bäsleşige dünýäniň islendik ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň hem 14–18 ýaş aralygyndaky ýokary synp okuwçylary gatnaşyp bilerler, hatda olaryň programma üpjünçiligi boýunça taýýarlygy bolmasa-da. Olimpiada RF hökümetiniň goldawy bilen, Nižegorodskaýa welaýatynyň hökümeti tarapyndan gurnaldy. Baş hyzmatdaş hökmünde Sberbank çykyş edýär. Bu halkara çärä gatnaşmak üçin 18-nji aprele çenli hasaba durup bolar. Olimpiadanyň başynda her bir gatnaşyjy öz IT bilim derejesini barlamak üçin synagdan geçip, netijesi boýunça şahadatnama alyp biler. Bu tapgyryň esasy ugurlary – maglumat howpsuzlygy, matematiki logika, algoritmleşdirmek we programma düzmegiň esaslary, maglumatlary seljermek, teksti işlemek we emeli aň (EA) esasynda ýönekeý modelleri döretmek bolup durýar diýip, Sberiň metbugat gullugyna salgylanyp TASS habar berýär.

23–25-nji aprel aralygynda bäsleşigiň ikinji tapgyry – Capture the Flag görnüşindäki toparlaýyn ýarym final geçiriler. Birinji tapgyry üstünlikli geçenleriň arasynda düzülýän bäş adamlyk toparlar ýarym finala çykarlar. Bu tapgyrda beriljek meseleleriň temalary: emeli aň we maşyn öwrenmesi, kriptoanaliz, rewers inženerçilik, web-gowşaklyklary, kompýuter forenzikasy (kompýuter-kriminalistika), algoritmik programma düzmek. Iň köp utuk toplan 100 gatnaşyjy jemleýji tapgyra gatnaşar. Olimpiadanyň meseleleri bilim berýän “Algoritmika” platformasynda ýerine ýetiriler, bu platforma çäräniň tehnologik hyzmatdaşydyr.

Jemleýji tapgyr 30-njy maýdan 3-nji iýuna çenli Nižegorodskaýa welaýatynyň “21-nji mekdebiň” kampusynda geçiriler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy iýun aýynda Nižegorodskaýa welaýatynda halkara “Russiýanyň senagatynyň sanly pudagy” atly ýyllyk maslahatynyň çäklerinde geçiriler. Olimpiadanyň resmi sahypasy: https://goit.space.

Sberyň ýolbaşçysy German Grefiň sözlerine görä, maglumat tehnologiýalary dünýäni başgaça görmäge we çylşyrymly prosesleri baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda okuwçylar iň gyzykly döwürde ýaşaýarlar we adamzadyň arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilikleri bar. RF Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Grigorenko güýçli IT-kadrlaryň bütin dünýä üçin örän möhüm bolup durýandygyny we gatnaşyjylaryň bu ugura bolan ýokary gyzyklanmasyny belledi. Nižegorodskaýa welaýatynyň gubernatory Gleb Nikitin bolsa, olimpiadanyň dürli ýurtlardan zehinli ýaşlary birleşdirýändigini we olaryň bilelikde sanly geljegi döretmäge ýardam berýändigini aýtdy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşýan okuwçylar diňe bir şahsy ösüşe däl, eýsem tehnologik liderleriň halkara jemgyýetini döretmäge hem maýa goýýarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026