HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp brifing geçirildi

Aprel 10, 2025 | 16:34 |4435
2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

Brifinge “1tv”, “Obieqtivi” teleýaýlymlarynyň, “The Georgian Business Week” işewürlik neşiriniň, “Europe 24” media-holdinginiň, “GeorgiaPress” guramasynyň, “News Day Georgia” habarlar agentliginiň, “Geoecohub” internet neşiriniň, «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň Baş redaktorlary hem-de “Geocase” gruzin seljeriş merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

1

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow ýygnanlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasatyny we dünýä arenasynda giň goldawa eýe bolýan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ilçi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, ysnyşykly we netijeli gatnaşyklary, özara düşünişmeleri berkitmäge hem-de Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetmäge saldamly goşant goşýandygy aýratyn belledi.

2

Brifingiň dowamynda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemlerine hem seredilip geçildi. Ýokary derejeli saparlaryň türkmen-gruzin gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde wajyp orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

3

Ilçi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçiriljek uly gerimli halkara çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

4

Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanyp taýýarlanan ýörite wideorolik görkezildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026