HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Çelýabinskden köprileriň gurluşygy üçin tehnikany import edip başlar

Aprel 10, 2025 | 16:25 |3928
Çelýabinskiň kompressor zawody (ÇKZ) Türkmenistana kompaniýanyň köprileriň we ýollaryň gurluşygy boýunça kompressor desgalaryny getirer.Çelýabinskiň kompressor zawody (ÇKZ) Türkmenistana kompaniýanyň köprileriň we ýollaryň gurluşygy boýunça kompressor desgalaryny getirer.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Çelýabinskiň kompressor zawody (ÇKZ) Türkmenistana kompaniýanyň köprileriň we ýollaryň gurluşygy boýunça kompressor desgalaryny getirer. URA.RU saýtynyň habar bermegine görä, kärhananyň wekilleri türkmenistanly mümkin bolan hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýdular.

“Ýollaryň we köprileriň gurluşygy boýunça rus kompaniýasy arkaly Türkmenistana kompressor desgalary ýükläp ugradýarys. Işewürlik syýahatymyzyň dowamynda ýerli alyjylar bilen göni aragatnaşyklar ýola goýuldy” – diýip, URA.RU saýtyna eksport satuwlaryň ösüşi boýunça ýolbaşçysy Artýom Truskow habar berýär.

Saparyň dowamynda zawodyň wekilleri öz önümi barada gürrüň berip, türkmen tarapyny hödürlenýän nomenklatura bilen tanyşdyrdylar. ÇKZ-niň dürli pudaklar üçin tehniki çözgütleri bar.

Türkmenistanda çelýabinsk kompressorlaryna bolan gyzyklanma ýurduň nebitgaz, dokma we gurluşyk senagaty üçin enjamlar zerurlygy bilen baglanyşykldyr. Truskow geljekki meýilleriň wekilhanany giňeltmek we göni üpjünçilik mümkinçiligini, has ýakyn söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny öz içine alýandygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026