HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Duşanbede hünär bilimi boýunça meseleler we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylar

Aprel 09, 2025 | 18:10 |3381
10–11-nji aprel aralygynda Duşanbe şäherinde «Hünär bilimiň durnukly ösüşiniň sebit aýratynlyklary: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly III sebit ylmy-amaly maslahaty geçiriler10–11-nji aprel aralygynda Duşanbe şäherinde «Hünär bilimiň durnukly ösüşiniň sebit aýratynlyklary: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly III sebit ylmy-amaly maslahaty geçiriler
Çeşme: freepik.com

10–11-nji aprel aralygynda Duşanbe şäherinde «Hünär bilimiň durnukly ösüşiniň sebit aýratynlyklary: meseleler we geljekki mümkinçilikler» atly III sebit ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, «Howar» döwlet habarlar agentligi habar berýär. Maslahatyň guramaçylary Täjigistan Respublikasynyň Bilim we ylym ministrligi hem-de «Merkezi Aziýada ykdysady ösüş ugurlary üçin hünär bilimi» (PECA) taslamasydyr. Bu taslama Deutsche Gesellschaft für Internationale Zusammenarbeit (GIZ) GmbH (Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň, kollejleriň, ylmy edaralaryň alymlary, mugallymlary we aspirantlary, şeýle hem işewürlik wekilleri we döwlet dolandyryş edaralarynyň wekilleri çagyryldy.

Çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bilim ulgamy bilen baglanyşykly we işewürlik jemgyýetiniň 160-dan gowrak hünärmeniniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahat Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň we Ýewropa Bileleşiginden gelen kärdeşleriniň arasynda tejribe hem-de bilim alyşmak üçin platforma bolar. Maslahatyň çäklerinde 50-den gowrak awtoryň ylmy-amaly barlaglarynyň netijelerini öz içine alýan elektron ylmy makalalar ýygyndysy hödürlener. Maslahatyň üns merkezinde hünär bilimi ulgamynda halkara we milli ugurlar, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek bilen bagly meseleler, bilim edaralary bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we hünär bilimiň ýokary hilini üpjün etmek ýaly möhüm temalar bolar.

Maslahatyň ikinji güni gatnaşyjylar üçin uniwersitet gözlegleriniň üsti bilen innowasiýalary öňe sürmek, döredijilik ugurlarynda bilime goldaw bermek, ussatlyk ulgamyny işläp düzmek we hünär biliminde emeli aňy ulanmak boýunça ussatlyk sapaklary guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026