HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

SECCA Türkmenistana elektrik desgalarynyň ulanylyşynda howpsuzlyk çäreleri boýunça birinji tehniki resminamany gowşurdy

Aprel 09, 2025 | 14:35 |4074
2025-nji ýylyň 31-nji marty – 4-nji apreli aralygynda Ýewropanyň SECCA maksatnamasynyň bilermenleriniň we halkara geňeşçileriniň Türkmenistana sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly energetika we howany üýtgemegine garşy göreş syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.2025-nji ýylyň 31-nji marty – 4-nji apreli aralygynda Ýewropanyň SECCA maksatnamasynyň bilermenleriniň we halkara geňeşçileriniň Türkmenistana sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly energetika we howany üýtgemegine garşy göreş syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.
Çeşme: secca.eu

2025-nji ýylyň 31-nji marty – 4-nji apreli aralygynda Ýewropanyň SECCA maksatnamasynyň bilermenleriniň we halkara geňeşçileriniň Türkmenistana sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly energetika we howany üýtgemegine garşy göreş syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirilip, olarda bilelikdäki işiň netijelerine we geljekki meýilnamalara seredildi. Bilermenler elektrik desgalarynyň ulanylmagynda howpsuzlyk boýunça maslahatlary öz içine alýan birinji tehniki resminamany gowşurdylar.

Şeýle hem, saparyň çäklerinde iki sany halkara maslahatlar geçirildi:

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabatda – “Türkmenistanyň durnukly energetika ösüşi üçin energetika pudagynda çözgütleriň kabul edilmegine ýardam bermek”;

2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Mary şäherinde – “Energetika we howa babatda toplumlaýyn derňew üçin ulgamlaýyn pikirleniş: Türkmenistanda durnukly energetikanyň ösüşiniň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi”.

Olar energetika pudagynda çözgütleriň kabul edilmegine ýardam bermäge hem-de energetika we howa babatda ulgamlaýyn derňewlere bagyşlandy.

SECCA-nyň sapary Mary şäherindäki Döwlet energetika institutynyň gurluşyk meýdançasynda täze energiýa netijelilik tehnologiýalary bilen tanyşlygy hem öz içine aldy. Bu babatda, gurluşyk tamamlananyndan soňra bina “Ýaşyl şahadatnamasyny” gowşurmak mümkinçiligi öňe sürüldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026