Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary ýurtlylar Gazagystanyň daşary ýurt edaralarynda we Daşary işler ministrliginde şahsy identifikasion belgisini alyp bilerler

Aprel 09, 2025 | 11:30 |8007
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinden daşary ýurtlylar Gazagystanyň daşary ýurt edaralarynda we Daşary işler ministrliginde şahsy identifikasion belgisini (ŞIB) alyp bilerler. Bu bolsa “Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan daşary ýurtlylara we raýatlygy ýok adamlara ŞIB-ni döretmek we düzedişleri girizmek” atly döwlet hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça synag taslamasynyň döredilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmiki senagaty ministrliginiň 2025-nji ýylyň 27-nji martyndaky bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy.2025-nji ýylyň 18-nji aprelinden daşary ýurtlylar Gazagystanyň daşary ýurt edaralarynda we Daşary işler ministrliginde şahsy identifikasion belgisini (ŞIB) alyp bilerler. Bu bolsa “Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan daşary ýurtlylara we raýatlygy ýok adamlara ŞIB-ni döretmek we düzedişleri girizmek” atly döwlet hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça synag taslamasynyň döredilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmiki senagaty ministrliginiň 2025-nji ýylyň 27-nji martyndaky bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy.
Çeşme: inform.kz

2025-nji ýylyň 18-nji aprelinden daşary ýurtlylar Gazagystanyň daşary ýurt edaralarynda we Daşary işler ministrliginde şahsy identifikasion belgisini (ŞIB) alyp bilerler. Bu bolsa “Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan daşary ýurtlylara we raýatlygy ýok adamlara ŞIB-ni döretmek we düzedişleri girizmek” atly döwlet hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça synag taslamasynyň döredilmeginiň netijesinde mümkin boldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmiki senagaty ministrliginiň 2025-nji ýylyň 27-nji martyndaky bilelikdäki buýrugy bilen tassyklanyldy.

Taslamanyň çäklerinde ŞIB-i Gazagystanyň 100 sany daşary ýurtly edaralarynda elýeterli bolar. Bu taslamanyň esasy maksady daşary ýurtlylara Gazagystana şahsy saparyny amala aşyrmazdan, ŞIB-ni almak mümkinçiligini üpjün etmekden ybarat.

Synag taslamasyny durmuşa geçirmegiň tertibine laýyklykda, Gazagystanyň daşary ýurt edaralary daşary ýurtlylara ŞIB-ni resmileşdirmek üçin arzalaryň kabul edişligini hem-de onuň netijeleriniň berilmegini amala aşyrýarlar.

Döwlet hyzmaty Gazagystan Respublikasynyň daşary ýurt edaralary arkaly ýerine ýetirilýär:

Maýadarlara;

Harytlaryň markirowkasynyň we gözegçiliginiň çäklerinde haryt dolanyşygyna gatnaşyjylara;

GR-nyň raýatynyň äri ýa-da aýaly bolan daşary ýurtly raýatlara (RÝNÝ-nyň Maglumat ulgamynda raýat ýagdaýynyň namalaryny hasaba almak baradaky belgisiniň goýulmagy üçin);

16 ýaşdan uly çagalara, eger-de ata-enesiniň biri GR-nyň raýaty bolan ýagdaýynda;

Mirasyň kabul edişligini amala aşyrýan daşary ýurtly raýatlara;

Digital Nomad Residency we Digital Nomad Visa maksatnamalaryna mümkin bolan gatnaşyjylara;

Maýyplygy bolan daşary ýurtly raýatlara;

65 ýaşdan uly bolan daşary ýurtly raýatlara;

Ösümlikleri goramak serişdeleriniň (pestisidler) öndürijilerine we hasaba alnyjylaryna;

GR-da hasaba alnan ýuridiki şahslaryň, şahamçalaryň we (ýa-da) wekilhanalaryň ýolbaşçylary bolan daşary ýurtlylara.

GR-niň DIM-i respublikadaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik we oňa deňelen wekilhanalary, halkara guramalary we olaryň wekilhanalary, konsullyk edaralary üçin ŞIB-ni resmileşdirmäge we onuň netijelerini bermäge arzalaryň kabul edişligini amala aşyrýar.

Döwlet hyzmatyny ýerine ýetirmek möhleti bir gün düzýär.

Buýruk 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär.

Şahsy identifikasiýa belgisi bu fiziki şahs (şol sanda HK) tarapyndan alynýan özboluşly belgidir. Ol awtomatik usulda generirlenen 12 sandan ybarat kombinasiýany düzýär. Esasy wezipesi bolsa anyk fiziki şahsa degişli bolan ähli maglumatlary döwlet ýazgysynda ulgamlaşdyrmak we saklamakdyr.

Ol fiziki şahslara dürli wezipeleri çözmek üçin zerurdyr:

Döwlet edaralarynda hyzmatlary almak (mysal üçin, nikany hasaba almak ýa-da ýaşamak üçin görnüşi resmileşdirmek);

Salgytlary tölemek, ätiýaçlyk we jemgyýetçilik tutumlary ýerine ýetirmek;

Raýat geleşiklerini we beýlekileri hasaba almak;

Emläk desgalaryny hasaba almak (gozgalýan we gozgalmaýan). Mysal üçin, jaý ýa-da awtoulag satyn alnanda ŞIB-siz oňup bolmaýar;

Bank hasabyny açmak;

Ygtyýarnamalary, rugsatnamalary we beýlekileri almak.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026