HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Mongoliýa birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Aprel 09, 2025 | 02:20 |4138
Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow 7-nji aprel güni Ulan-Bator şäherine eden saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildiTürkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow 7-nji aprel güni Ulan-Bator şäherine eden saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Çeşme: montsame.mn

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow 7-nji aprel güni Ulan-Bator şäherine eden saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Lhanaažawyn Munkhtuşig Mongoliýanyň hökümetiniň Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň berkemegine, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ol şeýle hem Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň 2024-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de berkidilmegine uly goşant goşandygyny nygtady.

госсекретатрь МИД Монголии встречается с туркменской делегацией.jpg

Nursähet Şirimow iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyndan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösýändigine we sebitleýin hem-de halkara derejede hyzmatdaşlygyň berkidilýändigine kanagatlanma bildirdi.

замминистра культуры Туркменистана в МИД Монголии.jpg

Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi maksady bilen taraplar şu ýyl ýokary derejeli saparlary guramak, bilelikdäki hökümetara topar döretmek hem-de söwda, maýa goýumlar, oba hojalygy, ulag, logistika, medeniýet we bilim ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar diýip, Mongoliýanyň Milli habarlar agentligi habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026