HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

QACIS 2025: Esasy mowzuklar we gatnaşyjylar bilen tanyşyň

Aprel 08, 2025 | 23:30 |33016
"Türkmenistanyň halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynyň maksatnamasy bilen tanyş boluň"Türkmenistanyň halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynyň maksatnamasy bilen tanyş boluň
Çeşme: turkmenexpo

"Türkmenistanyň halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahatynyň maksatnamasy bilen tanyş boluň

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 29–30 aralygynda, Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Türkmenistanyň halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat geçiriler. Bu halkara maslahat standartlaşdyrma, sertifikatlaşdyrma we sanly özgertme ugurlary boýunça hünärmenler üçin möhüm çäre bolar. Maslahatyň baş maksady — dünýäniň öňdebaryjy hünärmenlerini, işewürleri we döwlet guramalarynyň wekillerini bir ýere jemläp, sanly ykdysadyýet şertlerinde halkara standartlaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdyr.

Halkara maslahatyň esasy mowzuklary:

• Eksporty ösdürmekde we maýa goýumlary çekmekde standartlaryň orny

• Emeli aň we sanly gurallar arkaly işewürlik işleriniň optimizasiýasy

• Standartlaryň oba hojalygyk, nebiti-gaz, gurluşyk, azyk senagaty, saglygy goraýyş, IT we startap pudaklarynda ulanylmagy.

Maslahatyň esasy ugurlary:

‣ Sanly döwürde standartlaryň ähmiýeti we tehnologiýalaryň orny.

‣ Söwda we maýa goýum çekmekde hem-de elektron eksporty ösdürmekde halkara standartlaryň ähmiýeti.

‣ Oba hojalyk pudagynda Global G.A.P. we organiki sertifikasiýanyň ornaşdyrylmagy.

‣ Nebit-gaz we gurluşyk pudaklarynda ulanylýan ISO standartlary hem-de “ýaşyl” gurluşyk.

‣ ISO 22000, HACCP, Halal ýaly azyk we lukmançylyk önümleri üçin halkara standartlar.

‣ IT kompaniýalary we startaplar üçin standartlar, Agile-standartlary we işewürlik prosessleriň sanlylaşdyrylmasy.

Maslahata gatnaşjaklar: Yewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (EBRD), Erkin ykdysady zolaklar guramasy (World Free Zones Organization), Better Cotton Initiative, Bureau Veritas, Petronas Carigali / Dragon Oil, IFOAM Asia, GlobalG.A.P. we beýleki halkara guramalaryň wekilleri.

Maslahata gatnaşajylar B2B we B2G duşuşyklary arkaly täze hyzmatdaşlyklary döretmek we halkara bazarlara çykmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler.

Şol bir wagtyň özünde hem-de şol bir ýerde, "Halkara söwda we hyzmatlar" sergi-ýarmarkasy (ITSE 2025) hem şol geçiriler — bu siziň işiňizi halkara derejesinde görkezmegiň ajaýyp pursatydyr.

Gyzykly täzelik: Diňe resmi taýdan hasaba alnan gatnaşyjylar 1-nji maýda halkara hünärmenleri tarapyndan geçiriljek okuw sapaklaryna gatnaşyp bilerler.

📞 +99371871814 / +99363719588

📧 qacis@turkmenexpo.com

🌐 qacis.turkmenexpo.com

🌐 itse.turkmenexpo.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026