HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Efiopiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek barada ylalaşdylar

Aprel 08, 2025 | 22:40 |4685
8-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi8-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çeşme: orient.tm

8-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministri Gedion Timotewos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem olar, Şeýle hem, diplomatik gatnaşygy çuňlaşdyrmak we ykdysady ösüşi parlamentara dialogy, halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändiklerini mälim etdiler.

Iki tarap hem köptaraplaýyn we uzak möhletli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge özleriniň taýýardyklaryny tassyklap, yzygiderli diplomatik dialogy alyp barmagyň we özara gyzyklanýan ugurlary has giňişleýin öwrenmek üçin ýokary derejeli saparlary ýeňilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Ministrler Efiopiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn geljegine ynam bildirip, ykdysady ösüş, sebitdäki durnuklylyk we hyzmatdaşlyk üçin umumy mümkinçilikleri bellediler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanda geçiriljek çärelere Efiopiýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynda habar berildi.

Ýene-de mowzuk boýunça

Türkmenistanyň wekiliýeti Addis-Abebada Efiopiýanyň Prezidentine çakylyk hatyny gowşurdy

Türkmenistan halkara ykdysady gatnaşyklaryny giňeldýär: Efiopiýadan Estoniýa çenli

Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Türkmenistanyň Mejlisinde ynanç hatyny gowşurdy

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026