HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýa sanly pasportlara geçýär

Aprel 07, 2025 | 22:25 |6942
Gruziýada täze daşary ýurt pasportlarynyň tehniki aýratynlyklary üýtgediler. Olara QR-kod hem-de elektron maglumatlar üçin ýörite sahypa goşularGruziýada täze daşary ýurt pasportlarynyň tehniki aýratynlyklary üýtgediler. Olara QR-kod hem-de elektron maglumatlar üçin ýörite sahypa goşular
Çeşme: spress.ge

Gruziýada täze daşary ýurt pasportlarynyň tehniki aýratynlyklary üýtgediler. Olara QR-kod hem-de elektron maglumatlar üçin ýörite sahypa goşular. Bu barada SPRESS.ge neşiri Gruziýanyň adalat ministri Anri Ohanaşwiliniň 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde gol çeken degişli buýrugyna salgylanyp habar berýär. Pasport özgertmesiniň çäginde raýat, gulluk we diplomatik pasportlar üýtgediler. Şeýle hem bu özgertme ýurduň çäginde hasaba alnan bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara berilýän ýolluk pasportlaryna hem degişli bolar. Resminamalaryň dizaýnynda hem käbir üýtgeşmeler bolar. Hususan-da, pasportlaryň reňkli gabygynyň arka ýüzünde relýef görnüşinde ýurduň döwlet baýdagy hem-de ýurduň ady ýerleşdiriler. Mundan başga-da, pasportlaryň içki sahypalarynyň dizaýny täze görnüşde bolar. Pasportyň daşky reňkleri pasportyň görnüşine görä öňküsi ýaly tapawutly bolar: raýat pasporty — gara gyzyl, diplomatik pasport — gara gök, gulluk pasporty — gara, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin — açyk gök, bosgunlar üçin — gök reňkli bolar. Täze nusgadaky pasportlar 2025-nji ýylyň 4-nji iýunyndan berilip başlanar. Şol bir wagtyň özünde, öň berlen köne pasportlar güýjüni ýitirmez.

Maglumat çeşmäniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň mart aýynda Adalat ministri başga bir buýruk bilen täze raýat şahsyýetnamalarynyň ornaşdyrylmagyny hem kanunlaşdyrdy. Täze gruzin ID kartlary global sanly ekosistemada giňden integrirlenen bolar, QR-kod bilen üpjün ediler hem-de tehniki mümkinçilikleri giňeltmäge mümkinçilik berer, şol sanda CBDC elektron pulluk gapjyk hyzmatlaryny goldar. Täze şahsyýetnamalaryň global sanly ID standartlaryna laýyk bolmagyna garaşylýar, şeýle hem olarda sanly görnüşdäki waksinasiýa şahadatnamalary we merkezleşdirilen sanly pul bilen amallar üçin blokçеýn platformasynda işleýän elektron gapjyk hem ýerleşer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026