HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Waşingtonda Nowruz baýramyny bellediler

Aprel 07, 2025 | 13:30 |5326
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramyny bellediler.Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramyny bellediler.
Çeşme: instagram.com/turkmen_emb_in_dc

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň ABŞ-daky diplomatik wekilhanalary Nowruz baýramyny bellediler.

Çärä ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň we Kongressiniň wekilleri, telekeçiler, Waşingtonda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem Amerikadaky türki diasporasy gatnaşdy.

Agşamky çäräniň medeni maksatnamasy tans çykyşlaryny, şol sanda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirilmeginde türkmen halkynyň Küşdepdi tansyny, şeýle hem halk gurallaryndaky aýdym-sazlary öz içine aldy.

Mundan başga-da, myhmanlara türki halklarynyň milli tagamlary hödürlendi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow öz çykyşynda gelen myhmanlary baýramçylyk bilen gyzgyn gutlady. Ol şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi. Bu babatda ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” hakyndaky Kararnamanyň kabul edilendigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026