HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmennebit” DK nebit pudagynda durnukly ösüşi görkezýär

Aprel 07, 2025 | 13:54 |4087
“Türkmennebit” Döwlet konserni görkezijileriň durnukly ösüşini görkezip, Türkmenistanyň nebit pudagyna agramly goşandy goşýar“Türkmennebit” Döwlet konserni görkezijileriň durnukly ösüşini görkezip, Türkmenistanyň nebit pudagyna agramly goşandy goşýar
Çeşme: orient.tm

“Türkmennebit” Döwlet konserni görkezijileriň durnukly ösüşini görkezip, Türkmenistanyň nebit pudagyna agramly goşandy goşýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berip, 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň dowamynda gözegçilik edýän pudagynyň alyp barýan işiniň netijelerini beýan etdi.

Hasabat döwründe nebiti gazyp almak boýunça meýilnama artygy bilen ýerine ýetirilip, 107,1 % barabar boldy. Şeýle netije Konserniň alyp barýan işiniň hem-de öndürijiligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijeliligine şaýatlyk edýär. Nebiti gaýtadan işlemek pudagynda hem ýokary görkezijilere ýetildi. Meýilnama 107,1 % ýerine ýetirildi. Benzin önümçiligi meýilleşdirilen möçberinden 102 %, dizel ýangyjy – 100,8 %, polipropilen – 100,1 %, çalynýan ýaglar – 100,4 % düzdi.

“Türkmennebit” Döwlet konserni ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda möhüm ýer eýeleýär. Ol diňe bir uglewodorod serişdeleriniň durnukly gazyp alnyşyny üpjün etmän, eýsem gaýtadan işleýän infrastrukturasyny işjeň ösdürip, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliginiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Pudagyň ösmegine ýardam berýän strategiki ähmiýetli kärhanalaryň biri hem Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr (TNGIZT). Kärhana nebiti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek hem-de öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar. Bu ýerde häzirki zaman tehnologik çözgütler ornaşdyrylýar.

Munuň özi hem içerki, hem daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýangyjyň, polimerleriň we beýleki önüm görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň Türkmenistanyň nebit önümçiligine goşandy artýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026