HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler

Aprel 06, 2025 | 16:45 |7234
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu çäre BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” boýunça Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, “Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri” şygary bilen geçiriler. Bu barada TBM habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji forumy BMG-nyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçiriler. Çäräniň iş dili hökmünde iňlis dili saýlanyldy.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýän bu forumyň dowamynda ýaş liderler ählumumy gün tertibini ilerletmegiň täze ýollary barada pikir alyşarlar, bu bolsa giňişleýin parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmekde olaryň gyzyklanmalarynyň we pikirleriniň has giňden göz öňünde tutulmagyna uly goşant goşar.

1

Ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde başy başlanan bu başlangyç, sebitleýin howpsuzlyk meseleleri we ýaşlaryň parahatçylyk syýasatyna goşulyşmagy boýunça pikir alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin möhüm meýdança öwrülýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” baradaky Kararnamasynyň ilkinji onýyllygynyň jemlerini jemlemek, Merkezi Aziýa ýaşlarynyň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Dialogyň işiniň binýatlyk guralyşyny ara alyp maslahatlaşmak, sebitiň durnukly ösüşine ýardam berjek bilelikdäki taslamalary işläp düzmek wezipeleri forumyň esasy maksatlaryny düzdi.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlar guramalarynyň wekilleriniň, BMG-niň degişli agentlikleriniň bilermenleriniň, şeýle hem ýaşlar başlangyçlaryny goldaýan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygynyň toruny giňeltmek, täze bilelikdäki başlangyçlary ýola goýmak hem-de Dialogyň institusional taýdan berkidilmegi, şol sanda onuň sebit ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmeginiň meýilnamasyny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2028-nji ýyly Halkara hukugy ýyly diýip yglan etdi

17:05 Iýul 26, 2026
Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

Tramp Google kompaniýasyna salnan jerime sebäpli Ýewropa Bileleşigine jogap hökmünde gümrük paçlaryny girizmek bilen haýbat atdy

17:00 Iýul 26, 2026
Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ileri tutjak ugurlary – diplomatiýada emeli aňdan başlap, Hazarüsti logistika çenli

17:00 Iýul 26, 2026