HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ilat gaznasy ýaşlary sporta çekmek üçin tagallalaryny birleşdirýär

Aprel 05, 2025 | 08:45 |4662
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabatda giň gerimli sport çäresini guradylar.Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabatda giň gerimli sport çäresini guradylar.
Çeşme: Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan berildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde Aşgabatda giň gerimli sport çäresini guradylar.

Çäre her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatdaky Olimpiýa şäherinde geçirildi. Ol ýaşlaryň arasynda sporty ýaýbaňlandyrmak maksady bilen 200-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.

Çäre köpçülikleýin ylgamak boýunça sport ýaryşyndan başlady. Soňra ýaşlar gender deňligi temasy boýunça interaktiw sessiýalaryna, kikboksing we thekwondo hem-de ýoga boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.

Çäre Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýaş gimnastlar we aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen tamamlandy.

Geçirilen bu çäre ähli ýaşlaryň, jynsyna garamazdan, sport we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmakda deň mümkinçiliklere eýe bolan inklýuziw we sagdyn jemgyýeti gurmak ugrunda möhüm ädim boldy. Şeýle hem, ol gender deňligiň wajyplygyny hem-de durnukly ösüşi gazanmakda ýaşlaryň ornuny açyp görkezdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026