HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

Aprel 04, 2025 | 12:55 |5226
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşygy geçirildi.2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky şol bir wagtyň özünde Moldowa Respublikasynda akkreditirlenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Sergeý Mihow bilen duşuşygy geçirildi.

Moldowanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlaryny, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, bilim we syýahatçylyk babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn syýasy we hökümetara geňeşmeleri işjeňleşdirmek meselesine hem üns berdiler. Munuň bilen baglylykda, şu ýyl Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Moldaw hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi bilen bilelikde iň ýokary derejeli duşuşyklaryň tertibi ylalaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Moldowa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli “Parahatçylyk we ynanyşmak” halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026