HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly mugallymlar iňlis dili boýunça global onlaýn-okuwlara çagyrylýar

Aprel 04, 2025 | 10:15 |5033
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin tomusky sessiýasyna haýyşnamalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin tomusky sessiýasyna haýyşnamalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär.
Çeşme: x.com/USEmbassyYemen

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin tomusky sessiýasyna haýyşnamalaryň kabul edilip başlandygy barada habar berýär.

Online Professional English Network (OPEN) maksatnamasynyň global onlaýn-okuwlary iňlis dilini okadýan daşary ýurtly mugallymlar üçin uniwersitet derejesinde innowasion onlaýn-okuwlary geçmäge ajaýyp mümkinçiligini berýär.
OPEN maksatnamasy FHI 360 guramasy tarapyndan dolandyrylyp, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol gatnaşyjylara iňlis dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmagyň döwrebap usuly konsepsiýasyna we meselelerine elýeterliligi üpjün edýär. Okuwlar medeniýeti öwrenmekde tankydy pikirlenmäniň ornaşydyrylmagy, synpda bilim tehnologiýalaryň ulanylyşy, şeýle hem grammatikany öwretmegiň usulyýeti ýaly giň temalary öz içine alýar.

Gatnaşyjylar iňlis dilini okatmak boýunça ABŞ-nyň bilermenleri bilen özara gatnaşyp, dürli ýurtlardan bolan kärdeşleri bilen professional aragatnaşyk gurup bilerler.

Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler ýörite formany dolduryp, 15-nji aprele çenli öz haýyşnamalaryny tabşyryp bilerler.

Seçip alma bäsleşik esasda amala aşyrylýar. Ähli saýlanan gatnaşyjylar okuwlardan öňki hökmany taýýarlygy geçmeli.

Okuwlary üstünlikli tamamlan şahslar, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň adyndan şahadatnamalary we sanly nyşanlary alarlar.

Ähli soraglar bilen ashgabatamericanenglishprogram@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026
Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

Ýewropa Merkezi Banky (ÝMB) çaklaýar: Ýakyn Gündogardaky nebit sarsgyny ýewro zolagyň JIÖ-ni birinji ýylda 0,4% peselder

18:00 Iýun 25, 2026