HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KHBS ulgamyndaky türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seredildi

Aprel 01, 2025 | 17:00 |5550
2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Provided by the Embassy of Turkmenistan in Georgia

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ileri tutulýan hem-de okgunly häsiýete eýe bolan köpugurly gatnaşyklary belläp geçdiler. Gruziýanyň Premýer-ministri I.Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde öňe ilerletmekde uly ähmiýetiniň bardygy nygtaldy.

1

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ugruna hem degip geçdiler. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna we 2025-nji ýyl – «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp geçiriljek uly gerimli halkara çäreler hakynda E.Şoniýa gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly döwletde geçirilýän halkara çärelerini halk köpçüligine ýetirmek, dokumental filmleriň we wideorolikleriň görkezilişini guramak ýaly işlerde iki ýurduň hem KHBS-leriniň işjeň gatanşmagynyň wajypdygy bellenildi.

Taraplar iki ýurduň KHBS-leriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmekligiň berkemegine, medeni ugurlarda tejribe alyşmaklyga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026