HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygy ýola goýmaga taýýarlanýar

Aprel 01, 2025 | 12:20 |4984
Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.
Çeşme: techcult.ru

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.

Telekommunikasiýalar pudagyndaky milli Ofcom ugrukdyryjysy uzak aralykdaky ykjam telefonlaryñ eýelerine smartfon bilen hemranyñ arasynda göni maglumat geçiriş tehnologiýasyny ulanmaklaryny teklip etdi. Munuñ özi Beýik Britaniýanyñ ykjam aragatnaşygynyñ 100%, şeýle hem adaty torlaryñ öçürilen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze ulgam kenarýaka suwlarda gämiler üçin aragatnaşygy hem-de tiz kömek gulluklaryna hemişelik birikdirmek mümkinçiligini üpjün eder.

Bu tehnologiýany ornaşdyrmak üçin Ofcom hereket edýän ygtyýarnama kanunlaryna üýtgetmeleri girizmegi teklip edýär. Bu bolsa ykjam aragatnaşyk operatorlary tarapyndan ulanylýan ýygylyklarda ykjam spektry ulanmaga mümkinçilik berer.

Ähli meseleleriñ çalt çözülen ýagdaýynda Beýik Britaniýadaky ulanyjylar eýýäm şu ýylyñ ahyrynda göni hemra aragatnaşyk mümkinçiligini alyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026