HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň Baş sekretary: ŞHG GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini alyp biler

Mart 29, 2025 | 10:10 |6424
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew häzirki wagtda Şanhaý Hyzatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini bermek mümkinçiligine garalýandygy barada aýtdy.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew häzirki wagtda Şanhaý Hyzatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini bermek mümkinçiligine garalýandygy barada aýtdy.
Çeşme: e-cis.info

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew häzirki wagtda Şanhaý Hyzatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini bermek mümkinçiligine garalýandygy barada aýtdy.

Bu 2025-nji ýylyň 28-29-njy marty aralygynda Moskwanyň Halkara söwda merkeziniň meýdançasynda geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde beýan edildi.

Lebedew şeýle derejäniň berilmeginiň GDA bilen ŞHG-niň arasyndaky özara baglanyşygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, synçy derejesi ŞHG-na sebit howpsuzlygy we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 10 agza-döwletleri (Belarus, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan) birleşdirýär. Şeýle hem, ŞHG-sy bilen synçy derejesine eýe bolan 2 döwlet (Owganystan, Mongoliýa) hem-de dialog boýunça 14 hyzmatdaş (Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, Katar, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal, BAE, Saud Arabystany, Türkiýe we Şri-Lanka) hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026