HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça ýörite tele taslamasy döredildi

Mart 28, 2025 | 10:07 |5190
Halkara TV BRICS tory BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze bilim tele taslamasyny döretdi.Halkara TV BRICS tory BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze bilim tele taslamasyny döretdi.
Çeşme: e-cis.info

Halkara TV BRICS tory BRICS+ ýurtlarynda daşary ýurtlylar üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze bilim tele taslamasyny döretdi.

“Tanýa Sýomke bilen rus dili dersleri” diýlip atlandyrylýan bu taslama TV BRICS-yň daşary ýurtlarda rus dilini we medeniýetini ýaýbaňlandyrmak boýunça strategiki işiniň bir bölegidir. Taslamanyň şygary – “Rus dili medeniýetleri ýakynlaşdyrýar”. Munuň özi halklaryň arasynda medeni alyş-çalyş we özara düşünişmekleri üçin gural hökmünde diliň möhüm ornuny açyp görkezýär.

“Tanýa Sýomke bilen rus dili dersleri” atly gepleşik 2025-nji ýylyň 25-nji martynda başlap, ol hepdede iki gezek görkezilýär. Gepleşik 99 bölümden ybarat bolup, olaryň her biri, takmynan, dört minutlap dowam edýär.

Gyzykly we düşnükli görnüşde berilýän dersler daşary ýurtlylara grammatikanyň esaslaryny özleşdirmäge, rus dilinde okamaga we gündelik gatnaşyk üçin söz baýlygyny artdyrmaga ýardam berýär. Gepleşigi döretmek baradaky başlangyjy öňe süren we ony alyp baryjy bolup, rus dili daşary ýurt dili hökmündäki okuw maksatnamalaryň awtory, mugallym Tanýa Sýomkedir.

Gepleşik TV BRICS teleýaýlymynyň iňlis dilindäki ýaýlymynda, şeýle hem media toruň maglumat portalynyň degişli dil wersiýalarynda sişenbe we penşenbe günlerinde görkeziler. Dersler BRICS+ we Global Günorta ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilmek üçin elýeterli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026