HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly gyzlar Aýyň orbitasyna hemrany ugratamak boýunça işlere gatnaşyp bilerler

Mart 28, 2025 | 15:55 |5782
Space Kidz India tarapyndan guralan halkara ShakthiSAT bilim taslamasy 108 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gyzlary üçin täze gözýetimleri açýar.Space Kidz India tarapyndan guralan halkara ShakthiSAT bilim taslamasy 108 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gyzlary üçin täze gözýetimleri açýar.
Çeşme: Taslamanyň wekili tarapyndan berildi

Space Kidz India tarapyndan guralan halkara ShakthiSAT bilim taslamasy 108 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gyzlary üçin täze gözýetimleri açýar. Bütin dünýänden 12 000 gatnaşyjy älem tehnologiýalar babatda bilim almaga hem-de taryhy missiýanyň bölegi bolmaga ajaýyp mümkinçiligini alarlar.

ShakthiSAT gyzlaryň arasynda STEM-bilimi ösdürmäge gönükdirilip, aerokosmiki inženerçilik, orbita mehanikasy, hemra taslamalary we radio aragatnaşyk ugurlar boýunça amaly bilimleri berýär. Okuw maksatnamasy: 120+ sagat älem tehnologiýalary.

Gatnaşyjylar Zoho Learn platformasynda indiki ugurlar boýunça interaktiw bilimleri alyp bilerler: hemra taslamalary, orbita mehanikasy, elektronika we çap platalaryň işläp taýýarlanylmagy, höwesjeň radio aragatnaşyk we älem kommunikasiýalary, aerokosmiki inženerçilikde amaly matematika we fizika. Täze modullar her hepde ýa-da 10 günden çykyp, interaktiw ýumuşlary we test synaglaryny öz içine alar. Taslamanyň esasy tapgyrlary:

2025-nji ýylyň 18-nji apreli – Zoho Learn platformasynda birinji okuw modulynyň başlanmagy.

2026-njy ýylyň ýanwar aýy – amaly tejribe geçmek üçin jemleýji tapgyra ýeten gyzlar Hindistana bararlar.

2026-njy ýylyň sentýabr aýy – ISRO kömek bermeginde ShakthiSAT hemrasynyň Aýyň orbitasyna ugradylmagy.

Türkmenistanyň gyzlary global toparyň bölegi bolup, pikirdeşleri bilen tanyşyp, liderlik we tehniki ukyp-başarnyklaryny ösdürip, şeýle hem älem barlaglaryň geljegine goşant goşup bilerler. Maksatnamanyň ýeňijilerine Hindisatnda geçiriljek dabaranyň dowamynda ýörite şahadatnamalar gowşurylar. Haýyşnamany eýýäm tabşyryp bolar:

https://forms.gle/KhKCSG6yk54q3LKL7.

Giňişleýin: www.shakthisat.org

Habarlaşmak üçin: shakthisat.tm@gmail.com

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026