HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-rumyn medeni hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Mart 27, 2025 | 05:06 |3238
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Baçuna bilen duşuşdy2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Baçuna bilen duşuşdy
Çeşme: newscentralasia.net

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Baçuna bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda rumyn tarapy türkmen halysyna bagyşlanyp Buharestde üstünlikli geçirilen çäre bilen gutlady. Bu çäräniň milli mirasy wagyz etmek, köpçüligi Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmak we iki ýurduň arasynda medeni köpri gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigi nygtaldy.

Ç. Rüstemowa türkmen tarapynyň rumyn tarapy bilen medeniýet we medeni alyş-çalyş ulgamyna, şeýle hem rumyn muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, ministriň orunbasary türkmen tarapynyň bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň medeni we ynsanperwer ugurly halkara hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýändigi bellendi hem-de taryhy ýadygärliklerimiziň we milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň birnäçesiniň bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026