HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyñ ýygyndysy Aziýa kubogynyñ saýlama tapgyrynyñ duşuşygynda Hytaý Taýbeýini ýeñdi

Mart 26, 2025 | 10:30 |6837
Topar tapgyrynyñ birinji duşuşygynda ýygyndymyzyñ futbolçylary daşynda Hytaý Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeñdi.Topar tapgyrynyñ birinji duşuşygynda ýygyndymyzyñ futbolçylary daşynda Hytaý Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeñdi.
Çeşme: turkmenmetbugat.gov.tm

Türkmenistanyñ futbol boýunça ýygyndy topary Saud Arabystanda geçiriljek Aziýa kubogy 2027 saýlama ýaryşynyñ üçünji tapgyrynda üstünlikli çykyşyndan başlady. Topar tapgyrynyñ birinji duşuşygynda ýygyndymyzyñ futbolçylary daşynda Hytaý Taýbeýini 2:1 hasabynda ýeñdi.

Gaosýun (Taýwan adasy) şäherinde geçirilen oyun Elman Tagaýewiñ we Ýazgylyç Gurbanowyñ atan toplarynyñ netijesinde türkmen toparynyñ ýeñşi bilen tamamlandy. Eýýäm 48-nji minutda "Ahal" klubynyñ ýarym goragçysy Tagaýew ajaýyp urşy bilen hasaby açdy. Garşydaşlar 63-nji minutda Kuame Anž Samueliñ topy bilen jogap bermegi başardylar. Emma 83-nji minutda ýurdumyzyñ "Arkadag" klubyna wekilçilik edýän Gurbanow toparymyza ýeñiş getirdi.

Oýnuñ statiskikasy öz-özünden belli: Türkmenistanyñ ýygyndy topary wagtyñ 60 % topa gözegçilik etdi we duşuşygyñ gidişine höküm etdiler. Türkmenistan "D" toparynda Hytaýyñ Taýbeýi, Taýland we Şri-Lanka bilen çykyş edýär. Birinji tapgyrda Taýlandyñ we Şri-Lankanyñ arasynda duşuşyk geçirilip, taýlylar 1:0 hasabynda ýeñiş gazandylar. Başlangyç tapgyryñ netijeleri boýunça Türkmenistanyñ ýygyndysy toparyñ ýaryş tablisasynyñ ýokarky ornundadyr.

Öñde entek ýene bäş duşuşyk bar. Indiki oyun 10-njy iýunda Taýlanda garşy öý duşuşygynda geçer. Toparlaýyn tapgyry noýabrda tamamlanyp, onda Türkmenistan Aşgabatda Hytaý Taýbeýini kabul eder. Saýlama tapgyryna alty topara bölünen 24 ýygyndy gatnaşýar. Jemleýji tapgyra diñe öz toparlarynyñ ýeñijileri göni geçip, ol ýerde olara ozal kwalifikasiýadan geçen 18 topar garaşýar.

Aziýa kubogynyñ häzirki çempiony 2019-njy we 2023-nji ýyllarda baýragy eýelän Katar ýygyndysydyr. Türkmen topary jemleýji tapgyra çykmak üçin göreşmäge taýýar, we topar tapgyryndaky şeýle ajaýyp başlangyç janköýerlere ynam berýär.

Ýygyndymyzyñ üstünliklerine syn etmäge dowam ederis hem-de şeýle ýeñişli başlangyjyñ ýaryşda üstünlikli çykyş etmegiñ girewidigine ynanýarys.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026