HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Rumyniýada iş saparynda bolýarlar

Mart 25, 2025 | 13:55 |3520
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti şu günler mugallymlaryň degişli ugurlarda gysga möhletli okuw sapaklaryny geçmek maksady bilen Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Rumyniýanyň Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş saparynda bolýarlarHalkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti şu günler mugallymlaryň degişli ugurlarda gysga möhletli okuw sapaklaryny geçmek maksady bilen Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Rumyniýanyň Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş saparynda bolýarlar
Çeşme: education.gov.tm

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti şu günler mugallymlaryň degişli ugurlarda gysga möhletli okuw sapaklaryny geçmek maksady bilen Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde Rumyniýanyň Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş saparynda bolýarlar. Bu iş sapary 2025-nji ýylyň 24-28-nji marty aralygynda dowam eder. Bu barada TBM habar berýär.

Iş saparyň ilkinji gününde rumyn kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklaryň çäginde türkmen wekiliýetiniň agzalary onlaýn okuwlary kämilleşdirmekde we bilim işini dolandyrmakda täze tehnologiýalary ulanmakda tejribe alyşdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba Ýulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň arasynda hereket edýän özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, esasanam “Iki derejeli” diplom maksatnamasyna we ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini ýola goýulmagyna aýratyn üns berdiler.

1

Mälim bolşy ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti rumyn uniwersiteti bilen ençeme ýyl bäri üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Iki abraýly ýokary okuw mekdebi özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlyk edýär. Ähtnama, bilelikdäki barlag işleri we taslamalary, bilim maksatnamalary, talyp alyş-çalyşlary hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutýar. Türkmen we rumyn ýokary okuw mekdepleri 2018-nji ýyldan bäri ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygy ösdürip gelýärler we bilelikdäki ylmy gözlegleriň çäginde halkara hukugy we kompýuter tehnologiýasy ugurlarynda mugallymlary alyş-çalyş etmek ýaly birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirdiler.

Türkmen wekiliýetiniň iş saparyň netijesinde Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekedplerinden biri bolan “1 Decembrie 1918” uniwersitetiniň degişli ugurlar boýunça okuw maksatnamalaryny we ylmy gözlegleri ösdürmek we kämilleşdirmek ugrundaky tejribesi öwreniler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026