HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet energetika institutynda "GIZ"-iň sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde maslahat geçirildi

Mart 25, 2025 | 13:45 |4097
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýin maslahat geçirildiÝakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýin maslahat geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa II” sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn duşuşyk hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi boýunça jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmak” atly halkara sebitleýin maslahat geçirildi.

Bu maslahata Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Ýewropa bileleşiginiň, Birleşen Milletler guramasynyň ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmengaz Döwlet konserniniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar getnaşdylar.

Halkara maslahatyna gatnaşyjylar institutyň Baş binasynda guralan ylmy işleriň sergisi bilen hem-de institutda döredilen AR/VR tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otagy bilen hem tanyşdylar.

Geçirilen halkara sebitleýin maslatyň esasy maksady gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaklygyň netijeliligini halk köpçülige ýetirmegiň strategiýasyny işläp düzmekden ybarat bolup, ol öz işini umumy mejlisde şeýle-de 5 bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde agzalan tema boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026