HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ilçihanasy London şäherinde geçirilen “Halkara tagamlary we medeniýeti baýramçylygy” atly çärä gatnaşdy

Mart 24, 2025 | 16:20 |6600
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan London şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Lancaster House” atly binasynda, Beýik Britaniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalary üçin gurnalan “Halkara tagamlary we medeniýeti baýramçylygy” atly çärä gatnaşdy2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan London şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Lancaster House” atly binasynda, Beýik Britaniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalary üçin gurnalan “Halkara tagamlary we medeniýeti baýramçylygy” atly çärä gatnaşdy
Çeşme: Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan London şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Lancaster House” atly binasynda, Beýik Britaniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalary üçin gurnalan “Halkara tagamlary we medeniýeti baýramçylygy” atly çärä gatnaşdy.

1

Çärä Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet ministri Ketrin West, Diplomatik korpusynyň Marşaly Alister Harrison, DIM-niň Diplomatik direktoratynyň başlygy we wise-marşaly Wiktoriýa Basbi, britan Parlamentiniň agzalary, Birleşen Patyşalygynda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň Ilçileri hem-de diplomatik wekilhanalarynyň agzalary gatnaşdylar.

2

Beýik Britaniýanyň DIM-niň Döwlet ministri Ketrin West öz çykyşynda çärä gatnaşyjylara minnetdarlygyny bildirip, bu çäräniň diplomatik wekilhanalaryň öz aralarynda aragatnaşygyny has-da berkitmäge, diplomatiýanyň üsti bilen dürli medenýetleri has gowy düşünmäge ýardam berjekdigini belläp geçdi.

3

Çäräniň geçirilen “Lancaster House” binasynda türkmen halkynyň milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň, “Arkadag”, “Ak şäherim Aşgabat”, “Türkmen tagamlary”, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine degişli kitaplarynyň sergisi hem gurnaldy.

4

Çärä gatnaşan beýleki döwletler bilen bilelikde çärä gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.

5

Şeýle-de çäräniň dowamynda daşary ýurt döwletleriniň aýdym-saz çykyşlary bolup, türkmeniň milli dutar saz guralynda türkmen halk aýdymy hem ýerine ýetirildi we uly şowhun bilen garşylandy.

6

7

8

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026