HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Baýramçylyk günlerinde Döwlet sirki her günki çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirer

Mart 21, 2025 | 12:25 |6904
21-23-nji mart aralygynda Döwlet sirki hemmeleri täsin oýunlar we ýatdan çykmajak duýgylar dünýäsine aralaşmaga çagyrýar21-23-nji mart aralygynda Döwlet sirki hemmeleri täsin oýunlar we ýatdan çykmajak duýgylar dünýäsine aralaşmaga çagyrýar
Çeşme: sirk.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Halkara Nowruz güni mynasybetli ajaýyp sirk çykyşlaryny taýýarladylar.

21-23-nji mart aralygynda Döwlet sirki hemmeleri täsin oýunlar we ýatdan çykmajak duýgylar dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. Täze çykyşlar ýaz möwsüminiň täsirli wakasy bolar.

Sahnada hakyky ýyldyzlar – alty gezek halkara sirk festiwallarynyň baş baýraklaryna eýe bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary hem-de meşhur “Türkmen jigitleri” topary çykyş eder. Artistler at üstünde ussat çykyşlaryny, hem-de beýleki sirk žanrlaryndaky täsirli çykyşlaryny ýerine ýetirerler.

Tomaşaçylara tälim berlen haýwanlar, akrobatlar, şadyýan masgarabazlar we beýleki köpsanly zehinli artistler bilen duşuşyklar garaşýar. Her bir çykyş joşgundan we şadyýanlykdan doly hakyky tomaşadyr.

Biletleri sirkiň kassalarynda satyn alyp bolýar. Habarlaşmak üçin: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026