Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Adem Kula: Türkmenistan halkara telekeçilik üçin geljegi uly bolan platformadyr

Mart 18, 2025 | 19:05 |5340
Şu gün "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly forumyñ çäklerinde Türki söwda-senagat edarasynyñ Geñeşiniñ müdirliginiñ baş esaslandyrjy-sekratary we agzasy Adem Kula çykyş etdi.Şu gün "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly forumyñ çäklerinde Türki söwda-senagat edarasynyñ Geñeşiniñ müdirliginiñ baş esaslandyrjy-sekratary we agzasy Adem Kula çykyş etdi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly forumyñ çäklerinde Türki söwda-senagat edarasynyñ Geñeşiniñ müdirliginiñ baş esaslandyrjy-sekratary we agzasy Adem Kula çykyş etdi. ORIENT saýtynyñ habarçysy bilen geçiren söhbetdeşliginde ol sebitiñ ýurtlarynyñ arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda we hususy pudaga goldaw bermekde möhüm orun tutýandygyny belledi.

Şeýle hem, Adem Kula Aşgabatdaky forumyñ daşary ýurtly maýadarlar üçin has wajypdygyny belledi. Sebäbi ol ilkinji aragatnaşyklary ýola goýmaga we Türkmenistanda iş alyp barmagyñ ileri tutulýan ugurlaryna düşünmäge mümkinçilik berýär. "Bu ýerde olar ýerli işewürler we resmi wekiller bilen ilkinji aragatnaşyklary ýola goýýarlar. Bu hem üstünlikli hyzmatdaşlygyñ esasyny goýmaga ýardam berýär" - diýip, ol belledi. 1 2024-nji ýylda Türkmenistanyñ Söwda-senagat edarasynyñ Türki ýurtlaryñ Söwda-senagat edaralarynyñ Geñeşiniñ doly hukukly agzasy bolandygyny bellemeli.

Adem Kulanyñ aýtmagyna görä, 2019-njy ýylda Türki ýurtlaryñ Söwda-senagat edaralarynyñ Geñeşi türki döwletleriñ arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyñ mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin netijeli meýdança bolup durýar. 2 TSSE telekeçiligi ösdürmäge hem-de döwletleriñ eksport mümkinçiliklerini öñe sürmäge işjeñ ýardam edýär. Geneş işewür jemgyýetçilik bilen döwlet edaralarynyñ arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleri döredip, işewürlik forumlaryny, tegelek stollary hem-de sergileri geçirýär. 3 Şeýle hem, Adem Kula şu günki forumda türk kompaniýalaryñ uly wekiliýeti barada belläp geçdi: "Şu gün biz Günorta Aziýa we ýerli wekilleri hasaba almazdan, türk kompaniýalaryñ daşary ýurt gatnaşyjylaryñ 34 % düzýändigini görýäris. Bu bolsa sebitde işewürligiñ hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryñ ösdürilmegine barha artýan gyzyklanmasy barada aýdýar" - diýip, ol belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026