HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Paýtagtymyzda döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan zehinli okuwçylar sylaglandy▶️

Mart 18, 2025 | 18:35 |4925
Şu gün 18-nji martda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar bir ýere jemlendiŞu gün 18-nji martda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar bir ýere jemlendi
Çeşme: orient.tm

Şu gün 18-nji martda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen zehinli okuwçylar bir ýere jemlendi.

1

Ady agzalan mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen döredijilik (ylmy-taslama) bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan okuwçylara Diplomlaryň we ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

2

Mekdebiň içine giren badyňa gözlerinde zehin uçgunlary görnüp duran bilesigeliji, ylym-bilime höwesjeň ýaşlaryň taslamalar bäsleşiginde ýeňiji bolan işleriniň sergisi hemmeleriň ünsüni özüne çekýärdi.

3

Çärede edilen çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanda bilim ulgamynyň ählitaraplaýyn yzygiderli ösdürilýändigi, ukyply ýaşlarymyzyň halkara derejesinde birnäçe ugurlar boýunça geçirilýän dürli olimpiadalarda we ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeläp, özleriniň üstünlikleri bilen döwletimiziň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýandygy bellendi.

4

Dabaranyň dowamynda 2024-2025-nji okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleriň çäginde ynsanperwerlik we durmuş bilimleri, takyk, tebigy ugurly okuw dersleri boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginde deň-duşlaryndan saýlanyp üstünlik gazanan mekdep okuwçylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

5

Bu günki çäre diňe bir sylag gowşuryş dabarasy bolman, eýsem, öz ýeňişlerine buýsanyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinden gelen geljekki uly işlerine taýýarlyk görýän bilimli, zähmetsöýer okuwçylar üçin özara pikir alyşmaga hem giň meýdança bolup hyzmat etdi.

wideo▶️:

6

7

8

9

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026