HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Barmasy kyn bolan ýerleri lazer arkaly internet bilen üpjün edýän Starlink-iñ Ýerdäki bäsdeşi döredildi

Mart 18, 2025 | 12:05 |5350
Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.
Çeşme: 3dnews.ru

Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.

Taara maglumatlary geçirmek üçin ölçeýji, optik we aýna ulgamlaryny, şeýle hem optik süýümli ugurlarynyň ýerine lazer şöhlelerini ulanýar. Bu bolsa 20 km çenli uzaklykda 20 Gbit/s çenli tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär. Bu çözgüt optik süýümli liniýalary çekmekden has amatly bolup, birikmäniñ adaty usullarynyñ maksadalaýyk bolmadyk uzakdaky we oba ýerleri üçin ony oñaýly edýär.

Kompaniýa Mauntin-Wýudaky (Kaliforniýa, ABŞ) Google-iñ ştab-kwartirasyndan uzak bolmadyk aralykda ýerleşýän Sanniweýlde esaslanýar. Kompaniýanyñ işgärler sanawy 20 adamdan ybarat.

Häzirki wagtda Taara 12 ýurtda, şol sanda Hindistanda we Afrikanyñ käbir sebitlerinde iş alyp barýar. Taara Kaliforniýadaky Coachella aýdym-saz festiwaly ýaly çärelerde ykjam aragatnaşygyñ agramy çakdanaşa düşýän torlarynyñ hem üstüni dolýar.

Kompaniýa Starlink bilen deñeşdirilende özüniň köpsanly tehnologik artykmaçlyklarynyň bardygyny belleýärler. Ýagny, onuñ terminallaryny raketalar arkaly enjamy Kosmosa ugratmazdan, bary-ýogy birnäçe sagadyñ içinde pürslere, agaçlara ýa-da binalara berkidip bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026