HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dohada Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi: TOPH gaz geçirijisine ünsi jemlemek

Mart 17, 2025 | 00:50 |6616
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Doha saparynyň çäginde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdyTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Doha saparynyň çäginde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Doha saparynyň çäginde Katar Döwletiniň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky syýasy diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Ministrler yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklaryň türkmen-katar gatnaşyklaryna hil taýdan täze derejä çykmagyna uly itergi berýändigi belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin esasy ugurlaryň energetika, maýa goýum we ulag pudaklarydygy bellenildi

Taraplar şeýle hem sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, hem-de Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşdylar.

Uly göwrümli energiýa taslmasy – Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň Owganystanyň çägindäki Serhetabat-Hyrat böleginde gurluşyk işleriniň gidişine aýratyn üns çekildi. Katar tarapy Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we bu strategiki möhüm ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Söhbetdeşler halkara guramalaryň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy bellediler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli Forumy barada aýdyp, bu ýokary derejeli foruma Katar tarapyny gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

23:55 Iýul 24, 2026
Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

Antalýada 25-nji Growtech halkara oba hojalyk sergisi geçiriler

23:46 Iýul 24, 2026
17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

17-nji iýun bilen 2-nji iýul aralygyndaky adatdan daşary yssy howa sebäpli kadaly derejeden ýokary adam pidalarynyň sany 5764-e ýetdi

16:20 Iýul 24, 2026