HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ÝOM-niň talyplarynyň arasynda goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär

Mart 16, 2025 | 17:40 |3535
2025-nji ýylyň şygarynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini wasp edýän goşgulary döretmek boýunça “Ýaşasyn parahat durmuş – Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy” atly goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär2025-nji ýylyň şygarynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini wasp edýän goşgulary döretmek boýunça “Ýaşasyn parahat durmuş – Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy” atly goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär
Çeşme: tdh.gov.tm

2025-nji ýylyň şygarynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäginde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri, halkymyzyň parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk-doganlyk, zähmetsöýerlik ýörelgelerini wasp edýän goşgulary döretmek boýunça “Ýaşasyn parahat durmuş – Gahryman Arkadagymyzyň köňül kelamy” atly goşgy düzmek bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşik geçirilmezinden azyndan 7 gün öň, ýokary okuw mekdeplerinden oňa gatnaşjak talyp barada maglumaty beýan edýän hat Türkmen döwlet medeniýet institutyna ugradylmaly (hatda: jemleýji tapgyra gatnaşýan talybyň familiýasy, ady, atasynyň ady, okaýan fakulteti, hünäri we ýyly, çykyşynyň ýagny, bäsleşige hödürleýän öz goşgusynyň hem-de çeper okaýyş boýunça hödürleýän goşgusynyň atlary görkezilmeli).

Düzgünnama laýyklykda, 5 bentden az bolmadyk türkmen dilinde öz döreden goşgusyny many-mazmuny, çeperçiligi, ýatdan, täsirli okaýşy, çeper ýerine ýetiriş ussatlygy boýunça fakultet tapgyrynyň ýeňijisi ýokary okuw mekdebiniň tapgyryna çykarylýar. Ýokary okuw mekdebinde aýratyn tapawutlanan talyp ýokarda beýan edilen görkezijiler boýunça jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alynýar. Her ýokary okuw mekdebinden jemleýji tapgyra 1 talyp gatnaşmaga hukuk gazanýar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry aprel aýynyň 26-syna sagat 15:00-da Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Mejlisler zalynda geçirilýär. Bäsleşik tamamlanandan soňra bäsleşigiň ýeňijileri bir 1-nji, iki 2-nji, üç 3-nji orunlar boýunça emin agzalary tarapyndan saýlanylýar we köpçülige mälim edilýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory (rektorlygy) tarapyndan ýeňijilere Hormat hatlary şeýle-de gatnaşyjylara Minnetdarlyk hatlary, sowgatlar gowşurylýar.

Bäsleşikde tapawutlanan çykyşlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýazgy ediler we olar baradaky maglumatlar institutyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.

Guramaçylyk topary: habarlaşmak üçin tel – 481105, 482117

Maglumatlary ýollamak üçin elektron salgy: tdmi.ylymbolumi@gmail.com

Bäsleşigiň Düzgünnamasy bilen TBM-niň web sahypasynda berlen bildiriş arkaly tanşyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026