HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus dilinde makala ýazmak boýunça talyplaryň arasynda bäsleşik yglan edildi

Mart 15, 2025 | 16:02 |3287
Magtymguly adyndaky TDU bilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan 2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşigiň gecirilýändigi habar berilýärMagtymguly adyndaky TDU bilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan 2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşigiň gecirilýändigi habar berilýär
Çeşme: euroasia-science.ru

Magtymguly adyndaky TDU bilen “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasy tarapyndan 2025-nji - “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly rus dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşigiň gecirilýändigi habar berilýär.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän awtoryň maglumatlary (ýagny: gatnaşýanyň ady, familiýasy, bilim alýan ýokary okuw mekdebi, hünäri, okaýan ýyly we telefon belgisi) makalanyň ahyrynda doly görkezilip, awtoryň öň hiç ýerde çap edilmedik 1 makalasy ""Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” (“Туркменистан – Родина мира и доверия”) atly makala ýazmak bäsleşigine" diýen ýazgy bilen hödürlenmelidir.

Hödürlenýän makalalar 2025-nji ýylyň 17-nji martyndan 2025-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli talybyň okaýan ýokary okuw mekdebiniň elektron salgysyndan ýa-da awtoryň şahsy elektron salgysyndan “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň elektron salgysyna (neytralnyturkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýa-da Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (turkmenuniwersitetitdu@gmail.com) elektron salgysyna iberilip bilner;

Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi web saýtynda (tdu.edu.tm) ýerleşdiriler.

Makala bäsleşiginiň jemleri boýunça Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar bellenilýär. Ýeňijiler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda yglan edilip, Magtymguly adyndaky TDU-nyň we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň redaksiýasynyň hormat hatlary hem-de Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasy bilen TBM-niň web sahypasynda berlen bildiriş arkaly tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin tel: 38-61-18

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026