HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

CNPC kompaniýasy Hytaýyň Nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak üçin talyplaryň kabul edilşigi barada habar berýär

Mart 15, 2025 | 09:00 |32677
Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär.Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul edilýär.
Çeşme: orient.tm

Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmeinstandaky şahamçasy Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalarynyň kabul edilşigi barada habar berýär. Okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

  • Nebitgaz inženerçiligi;

  • Nebiti we gazy geçirmek we saklamak;

  • Nebit we gaz, hem-de mineral serişdeler ýataklarynyň geologiýasy we gözlegleri;

  • Nebit we gaz ýataklarynyň işläp taýýarlanylşy we ulanylşy;

  • Himiýa inženerçiligi we tehnologiýa;

  • Mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizasiýa.

Synag seçip almasy iki tapgyrda geçirilýär: matematika, himiýa we fizika dersleri boýunça test-syngagy hem-de iňlis dili bilimini barlamak üçin söhbetdeşlik.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • 25 ýaşdan uly bolmadyk;

  • Türkmenistanyň raýaty;

  • Iňlis dilini gowy bilmek;

  • Gowy bahalar, ösmek mümkinçiligine ukyply (10-njy we 11-nji synp boýunça hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi boýunça attestatda, ýetişikleri baradaky ýyllyk tabellerde 3-lük bahalarynyň (kanagatlanyrly bahalar) ýoklugy);

  • Gutarnykly orta, ýörite orta we orta hünär bilimi;

  • Kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik.

Gerekli resminamalaryň sanawy:

  • Şahamçanyň bellenen formasynda okuwa kabul etmek baradaky maglumatnama-haýyşnama (maglumatnamany resminamalaryň tabşyrylan wagtynda şahamçada alyp we dolduryp bolýar);

  • Mekdep uçurymlary üçin orta bilim baradaky attestatyň notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy; 2025-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar synp ýolbaşçysy, okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan 10–njy we 11–nji synp boýunça ýetişikleri baradaky ýyllyk tabelleri hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi ýobunça ýetişikleri baradaky tabeli hem-de mekdepden hödürnamany tabşyrmaly;

  • Içerki pasportyň nusgasy;

  • Eger bar bolan ýagdaýynda, biometriki pasportyň nusgasy (şeýle pasporty bolmadyk şahslara ony resmileşdirmek işini başlamaga maslahat berilýär);

  • 3x4 ölçegdäki 6 sany foto suratlar;

  • Okuw ýa iş ýerinden (harby bölüminden) häsiýetnama

  • Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy (işleýänler üçin);

  • Harby biletiň ýa-da ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy.

Ähli görkezilen resminamalaryň terjimesi hökman däl.

Resminamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 17-25-nji mart aralygynda (şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günlerinden başga) sagat 09:30-dan 17:00-e çenli kabul ediler (13:00-14:00 – arakesme wagty).

Resminamalar Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 (CNPC şahamçasynyň edara binasy) salgysy boýunça kabul ediler. Telefon belgileri: (+99312) 44-51-01, (+99312) 44-50-65, (+99312) 44-54-75, (+99312) 44-53-49

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Putin we Zelenskiý Tramp bilen aýratyn telefon gepleşiklerini geçirip, Ukrainadaky dawa we Eýrandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar

Putin we Zelenskiý Tramp bilen aýratyn telefon gepleşiklerini geçirip, Ukrainadaky dawa we Eýrandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Iýul 05, 2026
Pars aýlagyndan çig nebitiň eksporty iýun aýynda düýpli artdy

Pars aýlagyndan çig nebitiň eksporty iýun aýynda düýpli artdy

16:00 Iýul 05, 2026
Hytaý – Merkezi Aziýa söwda hyzmatdaşlygy platformasy 600-den gowrak kompaniýany özüne çekdi

Hytaý – Merkezi Aziýa söwda hyzmatdaşlygy platformasy 600-den gowrak kompaniýany özüne çekdi

14:00 Iýul 05, 2026